Bigerekkä ýaşaýyş

Adama sowatly, diplomly bolman,
siňe baksaň, ömür gerek däl wagty,
bigerekkä ýaşaýyş,
özüniňki, özgäňki däl, elbetde,
ýa bilmeýän bolsa ömrüň manysyn,
mertebäni, messebi,
kitaplarda duşýan käte,
ýa mertebe saýýan bolsa
ogurlygy iki gün,
ýa bilmeýän bolsa dogrulyk näme,
ýa bilmedik bolýan bolsa,
gözün ýumup görmelä,
ýa-da ömri näme bilen iýmeli,
ýa-da näme bilen ýuwmaly eger
hapalansa köçede,
asfalty düýşünde görýän,
ýa-da nädip bezemeli,
çyplak bolsa altmyş, ýetmişe ýetip,
ýa-da haýsy güzerlerden
geçirmeli, ýakmaly,
suwsan bolsa, bolsa teşne?

Adama bilimli, diplomly bolman,
başgalar däl, özi gerek däl wagty,
öýi gerek däl wagty,
gerek däl wagty aýaly,
ýa aýala adamsy,
göz monjugy – çagalary,
gyzy gerek däl wagty,
ogly gerek däl wagty,
gerek däl wagty namys,
oňa derek ýalan asudalygy,
aşagynda talaň urşy möwjeýän,
balagyny alýan syrtyndan çekip,
ýa-da kellesini, telpegi bilen,
ýüzüniň ugruna goparyp gidýän,
salgymy saýlasa adam,
hem bendesi, hem ýaradan
çekilmeli bolýar ýadap...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024