Hoşlaşyk haty
Adam hat ýazypdyr:
- Mamladyň, emma
bilmezlige saldym bilip,
möwç alanda karam oýun,
baryp ýanyňda durmak däl,
içdenem almadym boýun.
Hökümet garganda, dogry,
kynam bolsa boýun alýan,
tasdan baryp goşulypdym,
alla saklapdyr bolsa-da,
ýa aýalym saklady,
goýman beýle ýaman ada.
Adam hat ýazypdyr:
- Ýüzbe-ýüz bolup,
tanşan ýerimiz ýok,
bilýänem dälsiň...
Ilkiler umydym bardy,
gürleşerin diýip gelseň,
indi öňki saglygym ýok,
aňýan, uzak gitmerin,
içimde galmasyn ölsem.
Adam hat ýazypdyr,
hoşlaşyk hatyn:
- Bagyşla, içimden ýazgarardym kän,
ýeke çapýar diýip atyn.
Indi bilýän köplük bolup,
ýatyrdyk çagalaň bagtyn...