Surat

Gorkmaýanlar

The mob rushes in where individuals fear to tread.” B.F. Skinner, Walden Two

Olar ýalan sahnalaryň bezegi,
sazandasy ýalan bagtyň,
aýdymçysy ýalan tagtyň,
ogurlanan saza goşup,
irmeýärler el çarpyp,
armaýarlar gülmekden,
aglamaly zada oturyp sesli,
ne garrysy utanýar,
ne uýalýar ýaşlary,
ýagyş ýagsyn, ýel tursun,
ýaranara pursat bolsa,
girmeýärler öýe asla,
dälisi ýalan şalygyň,
janly diwar bolup ýolda,
ertir-agşam garaşýarlar,
ýaraşýarlar rola,
men gorkýaryn daşlaryndan
emma gorkmaýar olar.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024