Surat

Ýykylan agaç

Diňe biri bolan bolsa ýalançy,
diňe biri bolan bolsa ogruja,
diňe biri talan bolsa ejizi,
diňe biri görünen bolsa gowja,
etjegini edip, ýykjagyn ýykyp,
arkasyndan urup naçaryň, çagaň,
garrylary gabra çenli entedip,
ulus ili mal deý agyla dykyp,
diňe biri taýagyny galgatsa,
diňe biri söz sözlese, aldatsa,
bir alajy tapylardy, bolardy,
belki, öňün almak, ýolunda durmak,
başardardy synanyşan bäş-üçe,
emma olar köplük boldy çen-çakdan,
hem olary goldaýanlar meýletin,
ýa mejbury, tapawudy az örän,
diňe bir ýel ýykan bolsa agajy,
ýanmasaňam bordy ot alyp, köräp...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024