Surat

Agajyň derdi

Agajyňam derdi bolýar,
düwnügi bolýar, tokaýda
dik durup ölýär emma,
keselhana gitmeýär,
göreşýär dik durup,
gyşarman sähel,
ýel ýa tupan yrasa-da mazaly,
başyny ýassyga goýmaýar agaç,
ýa ýaramok diýip, çydamok diýip,
ýa ýadadym diýip gelen,
gidenlenlere zeýrenmeýär,
ýeke çekýär ýüküni ol,
derdini başga bermeýär.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2019