Surat

Bu göreş

Bu göreş, ganly göreş,
nätdi bizi, Baýramgül?
Ogurlady ýaşlygmyzy,
tüýtdi bizi, Baýramgül!

Ýok, men aglap ýazamok,
ýöne gülkem az munda;
Nädip geçdi otuz ýyl,
dynç alyşsyz bir gün-de?

Bu göreş, ganly göreş,
gör, nije äri iýen?
Öňden, gadymdan gelýär,
ýagy bolýar hak diýen?

Dogry, haky agzaman,
bukulybam galan ýok;
Gidýär dostlar, dost däller,
diýseler-de talaň ýok...

Bu göreş, ganly göreş,
nätdi bizi, Baýramgül?
Ýurdumyzy alyp, döşden
itdi bizi, Baýramgül!

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2019