Surat

Daýançsyz

Hans Hristian Anderseniň äheňinde

Başga hiç daýanjy ýok,
gaýraty ýok üstesine,
elbet, ýalana daýanar,
ýeňsesi açygam bolsa,
hemem ýalan saçak ýazyp,
çagyran bor ýalan toýa,
gyzylaja diýer doýdy,
a ýatana diýer oýa,
bagtly diýer betbagtlara,
bagt näme, unudan;
başga hiç daýanjy ýok,
guwanjy ýok üstesine,
ogurlyga daýanar,
hem guwanar aldanyna,
ýalanyny berip dolap,
daýanyp gara gylyja,
a gözi gorkan alaçsyz
donly diýer ýalaňaja...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024