Il we ýalan

"The world is a dangerous place, not because of those who do evil, but because of those who look on and do nothing." Albert Einstein

Olara ýalan näme,
talaň näme günortan,
çyrasyz ýa ýapynjasyz,
ýüzüň açyk edilýän,
başyň etegiňe salyp,
türmä düşüp günaşa,
aýdyp ýörmek derkar däl,
çünki bilýärler ony
bäşinji ýyldan bäri,
ýedinji ýyldan bäri,
ýyldan bäri on ýedinji,
bilýär olar kim basmaçy,
basyp alan kim ýa-da,
soňky bolan zatlary,
gahrymanlaň atlaryn,
ýalanystan ýurdunda,
bilmedik bolmak başga,
düşünmedik bolmak başga,
goşulmak başga ýalana,
kömekleşmek talaňa,
hem bir zatlar alan bolmak,
çilen bolmak, gülen bolmak,
bular başga, gardaşym,
esasy zat olar senden
gowy bilýär ýalan näme,
talaň näme günortan,
çünki olar balygyň
suw içinde ýaşaýşy deý,
ýaşaýarlar ýalan içre,
gatnaşýarlar ýalana,
geýinip tämiz, arassa,
el çarpýarlar talaňa,
ýüzlerinde ýok gussa,
ýa-da ony gizleýärler,
sen olara ýalan näme
sen olara talaň näme,
aýtjak bolma örtenip,
diýme halky aldaýarlar,
ynanma hiç haçan muňa,
iller ony goldaýarlar.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024