Başlygyň islegi
Türme naçalnigi, başlyk,
arkasynda kgb,
howpsuzlygyn goraýan
milletiň däl-de, mesiň,
diňe pul islemeýär
peredaçi getirenden,
mal islemeýär diňe
içde erksiz oturandan,
ýa sorandan swidaniýa,
oňa namysy gerek,
maşgalany ýaragsyz,
ýüregi hem yhlasy,
ygrary bilen gorap,
Terrorystana garşy
darkaş gurýan naçaryň,
baýdagy bolup aryň.
Türme naçalnigi, azan,
arkasynda azgyn han,
Terrorystan hajylarnyň başlygy,
dilinde "allajan, toba",
gözi iliň aýalynda, gyzynda,
birinde ýa ikisinde durjak däl,
"stop" diýmese oba.