Türme ýatlamasy
Öňki tussag gürrüň berýär:
demir gözenegi hemem
demir gapyny her gün,
demriň piri Dawutata ýüzlenip,
kä içimden, käte çalaja sesli,
ýarym pyşyrdyly, ýarym hiňlenip,
açyljak ýer ahyr şu bolar diýip,
ýagtylyga, yza, çagalaň ýanna,
ulus iliň arasyna toý-ýasly,
bir-biregiň derdin hemem şatlygyn
deň çekişen, paýlaşan,
ýüregimi ele alyp süpürdim,
süpürdim bagrymy elime alyp,
pikir etmän aýy, güni ýa pasly.
Ilkiler geň gördi kameradaşlar,
soň seretsem, men otursam,
olar turup gezegine,
demriň piri Dawutata ýüzlenip,
demir gözenegi hemem
demir gapyny, alla,
ýürekleri bilen, öýkeni bilen,
şeýle bir yhlasly süpürýär her gün,
adam, gör, nireden haraý gözleýär,
öz ilinde bolsa gelmeze sürgün.