Surat

Söz hukugy

Muny bilýän, meniň söz hukugym bar.
Muny bilýän, seniň söz hukugyň bar.
Muny bilýän, onuň söz hukugy bar.
Hemem bilýän söz hukugym işlemez,
az bolsa aýlygym, pes bolsa ornum
seniňkiden, oňkudan ýa,
dymmaly bolaryn hemleli sese,
gyşyk gepe jogap berip bilmerin,
boýnuma almasam baş götermegi
her sagat, her minut mese, näkese;
ýa-da seniň söz hukugyň işlemez,
hemem onuň söz hukugy işlemez
aýlygy ýa kürsüsi ulularyň ýanynda,
dogry, käte sypaýylyk ederler,
aýt diýerler sözüňi,
emma aýtsaň ýürekdäki baryňy
söz hukugy azajyk ululara ýaramaz,
ýa düşünip başgaça, gahar ederler käte,
şondan köpler paýapyldan geçýänçä,
ite aga diýýär, eşege - däde...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024