Surat

Aty at edýänçäň

Taýy at edýänçä it bor eýesi,
diýipdirler öň.
Biziňkem şeýleräk meger,
özümiz it bolduk üýrüp,
emmaki atymyz çykyp aýlawda,
häli-häzir ýeke baýrak alanok,
üstesine her bir eşek ýetmedik,
ýa ýykylan eşeginden,
bize üýrýär ýa-da it dek hyňranýar,
nämemişin, biz günäkär bar zada,
ýa öňünde durus ösjegiň parlap,
ýa-da aýagyndan alýas gitjegiň,
getirjegiň hemmä bedew,
öňüne at geçirmejek,
ýa-da ýöne keýpine,
aty at edýänçä it bor eýesi,
biziň gelen ýermiz şu meger, ine!..

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2019