Olar
Olaryň pygamberi
bilim Hytaýda-da bolsa,
gidiň, alyň diýipdir,
ulanyň diýipdir akyly, aňy,
öwreniň, ösüň diýipdir,
ýazylanlar çyn bolsa,
emma olar okamaýar,
okan bolýar, aldaýar
hem özüni, hemem ili,
ýol aşyp, Hytaýa gidip,
ýa ýene bir ýere baryp,
ýa-da gitmän hiç ýere,
diplom alýar ugrun tapyp,
a soň ugrun tapyp, alýarlar kürsi,
ýogsa pygamberleri
bilim Hytaýda-da bolsa,
gidiň, alyň diýipdir,
emma olar keýp edýärler,
bilimiň ýoluny ýapyp.