Okamagy öwreneňsoň
Okamagy öwreneňsoň kyn bolýar.
Ilki kitap, soň adamy,
ilki sahypadan, ilki sözünden
bilip başlaýarsyň eliň aýasy,
ýa ökjäňe düşen jaýryk mysaly,
agyrysy urýar ýürege, dogry,
emma etjek alajyň ýok,
egri egri bolýar, ogrular - ogry!
Okamagy öwreneňsoň kyn bolýar.
Adamy her näçe gowy görseň-de,
biraz siňe seretseň,
çorba sowadaňsoň kän ýyl,
tanaman bileňok, görmän bileňok,
dilinde ne, ýürekde ne, bilýärsiň,
bilmedik bolsaň-da käte,
ýöne soň öňküleň ýaly,
toý-tomaşa, meýlislere
höwes edip geleňok...
Okamagy öwreneňsoň kyn bolýar.
Zyýanam ýok ýat, keseki,
ýa başga bir kezzap bolsa,
käte ýakyn dostuň,
ýa dogan ýaly,
dolananyň ýaly ýakyn adamlar,
okamagy öwreneniň aňlaman,
kitap ýaly açylýar-da öňüňde,
kyn ýagdaýda goýýar,
köseýär ýaman,
okamagy öwrenmedik gorkmaýar,
öwrenen hudaýdan dileýär iman.