Şükür

Hudaýa şükür edýän!
Atam sowet döwründe-de
tahýajyk geýerdi öýde,
entek tahýa zorlugyň,
tabynlygyň simwoly,
nyşanasy bolmanka;
şükür edýän, pederim
silkme telpek geýip başa,
il satmaga gitmedi,
ýa sakgal goýberip,
ak sakgalyny
düşemedi aýagyna kimsäniň,
pyýada gatnady işine hemem
kgb depýänçä keseli, derdi,
bilmän çyny bilen çaga okatdy,
gaharlandy, käýindi
etmedige öý işin,
hudaýa şükür edýän,
atam sakgal goýberip,
ýa telpek geýip başyna,
döwmedi iliň dişin!

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2019