Ahwalat
Ýurt çapana, at çapana
söz diýmekden geçdim men,
gaçdym başymy alyp,
deňizden, dagdan aşdym,
ýadadym, ýoruldym ýaman,
ýatdym ýedi ýyllyk hassa,
halsyz ýaly bilmän galyp,
emma hudaý medet berdi,
galdym tirsegime bir gün,
a soň dikelip oturdym,
dyzanaklap öý içinde
iki ýana gezim etdim,
a soň galdym aýaklarma,
çykdym daşaryk ýöräp,
hem bilmedim, näme boldy,
getiren deý dag şemaly
Köpetdagyň ysyny,
ýandy ýüregim köräp,
ojar ýaly ojakdaky;
ýurt çapana, at çapana
söz diýmekden geçipdim,
emma bildim men geçsem-de,
azgyn geçmejek menden,
şeýdip jylawyny sypdyrdym kalbyň,
hem gygyrdym öýkenimi çykaryp:
Namart bolsun gaýdan senden!