Surat

Inkär edeni inkär et

Inkär edeni inkär et,
emma düşme deňine hiç,
gygyrsa gygyryp gödek,
sögünse sögünip hapa,
töhmet atsa, töhmet atyp,
depse depip ýüzüne ýa,
deň bolma nadara bilen,
boýnuňa al ýalňyşyňy,
emma özüň iýme asla,
işiňi et gorkman, ürkmän,
hemem hiç çykarma ýatdan,
iş eden ýalňyşar hökman,
emma daşdan ýylgyrsaň-da,
inkär edeni inkär et,
inkär etme özüňi hiç,
mertbeden aýrylma,
diri günüň diri gal,
içi giden agaç ýaly,
iç-içiňden maýrylma!

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024