Çüý-çekiş urşy

“The nail that sticks out shall be hammered down.” Ýapon nakyly

Çüý kän çekiçden dünýede,
belki, ýüz esse, müň esse,
ujy ýiti, depesinde papagy,
emma çüýler çekijiň
depesinden bermez hiç,
kakylan ýerinde durmalydyr çüý,
çyksa ýa-da baş göterse çalaja
depesinden iner çekiç...

Geň ýeri, çüý-çekiç urşunda mydam
çüýler çüýe arka durmaz hiç haçan,
olar baş göteren çüýi ýazgarar,
urulmaly diýip borjundan gaçan.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2019