Sakgal hakykaty
Ýaşkaň şeýle:
ak sakgally, selleli,
ýa başyna telpek geýen ýaşuly,
aklyk, akyl-paýhas bolup görünýär,
gol gowşurup, hyzmatynda durmaly;
a soň ak sakgalyn, telpek, sellesin
hapa hanyň aýagyna düşäni
bir, iki däl, ýüzläp, müňläp görýärsiň,
göwnüň geçýär ýaşlygyňdan,
ynanjyňdan ozalky,
ak sakgalda, ak sellede, telpekde
jinnek ýaly aklyk galjak däl eken
ulansalar aldamak,
talamak üçin halky.