Surat

Akmak we tokmak

Öwüp bolar, belki, iň akmagy-da,
öwülse çaga deý begenýän, gülýän,
oýnap bolar oýnalasy gelýäni,
baky galýaň diýip her günde ölýän,
ýa ölüme golaýlaýan adamy,
kömek etse, ýardam etse ýagdaýa,
ýeňletse agyr ahwaly
bolmanynda bir günlük,
emma soň ol akmak
ýa-da oýnatgy,
güp ynanan beýikdigne,
bakydygna dünýäde,
başa bela boljak bolsa sowulmaz,
şeýle sorag gelýär käte aklyma,
öwmekden hem oýnamakdan
gowy dälmi saklanan?

Aldan bolup akmagy,
oýnan bolup oýnatgyny
biz özümiz aldaýarys,
biz özümiz oýnaýarys,
hem unudýas hakykaty,
gapymyzda eşek deýin,
aýlap suwa ýakmagy;
hem bolmasa göwnüme,
keseki däl, öz-özümiz,
kömek eder diýip, belki,
ertir-agşam depämizden
urýan ýaly tokmagy.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024