Baý we garyp
Adam käte düşünmän,
gyzýar garyp adama,
egin-başa aldanyp,
ýa-da bakyp kürsüsine,
sebäbi ak köýnek diňe,
penjek bilen geýilýän,
ýa goşarda gymmat sagat
baý etmeýär adamy,
ýüzüne seretseň siňe.
"Bedew jul içinde" diýip,
"göwher kül içinde" diýip,
aýdypdyrlar öňküler,
emma indi jula, küle
seredýän ýok eger-eger,
kellesi boş, ýüregi boş,
penjek-balak, köwşe ýetse,
depesi asmana deger.
Adam käte düşünmän,
gyzýar garyp adama,
dara-dire koridorda,
ýa ýokaryk äkidýän
giňiş liftiň içinde
pete-pet bolýar-da birden,
hemem hiç sowulyp bilmän,
ýalandan ýylgyryp durup,
"häsin" berip näme diýse,
sebäbi "ýok" diýse garyp,
"men baý" diýýär döşe urup.