Petik
Garşydan çykanyň sesin sem edip,
türme bilen, töhmet bilen,
mellege öwürip milletiň bagyn,
zyndandan gaçany yzarlap zalym,
hiç diňlemän aýdan, diýen zadyny,
ýa-da daşdan, gybat bilen garalap,
gömen bolup öz ýanyňdan adyny,
ýeke çykan horaz ýaly ketekde,
özüň gürläp, özüň goýup,
el çarpan dek öz-özüňe,
maýyly, kaýyly toplap,
baş atdyryp başdan-aýak,
eliňde kgb-taýak,
janly diwar edip ili,
aýagyňa sakgal düşäp,
batdyň gerek, lepbeýguly?