Surat

Içden gelýän sorag

Köplük ogra dogrudan
has guwanyp bakýarka,
bolmanynda içinden,
mümkin bolsa opurjakka tas hemme,
hem ogurlyk eden däl,
tutan aýyply bolsa,
ýa gyzyl el bolsa ogurlyk edip,
azyp bolýan depäň üsti,
durka ýene bir azjak
nobatynda kürsiniň,
oň yzynda ikisi,
dördünjisi arkasynda,
ýa basyrnyp ýatan heniz
has köplükkä düzüwden,
ýa-da ýalan arşa baryp-gelýärkä
aýakgabyn geýýänçä çyn,
a:m milleti, walla, islän ugruna
sürüp bilýän wagty çüýşedäki jyn,
hem ogurlyk biznes bolan mahaly,
ýa syýasat ýalan bolsa durşuna,
içiňden bir sorag gelýär kämahal,
manysy nä bu ýagdaýda,
gowgadan, şerden gaçyp,
çümmäň pikir urşuna?

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024