Bizi iýýän bit

"Bite gahar edip, ýorgan otlama!"
Gör, nähili aýdylypdyr owadan,
gör, nähili aýdylypdyr ýerlikli,
üstüne söz goşar ýa-da sözünden
ýeke harpyn dagam aýrar ýaly däl,
emmaki bu edip boljak närsemi,
bitirmeli emma bitirip boljak,
ýa ýetirip boljak nesihatmydyr
ýerine iň soňy gyşarman ýoldan,
sebäbi bit diňe ýorganyňa däl,
beýniňe, kelläňe, ýüregňe girip,
nirä gitseň, seniň bilen ýöreýär,
gelýär hatda yzdan ýurt aşyp gaçsaň,
hem ganyňy sorýar soraman, diýmän,
ak düşekde ýeke bitsiz ýatyrkaň,
göz öňüňe gelýär onsoň ýorganyny otlaýan,
ýakýan donun, balagyn, hatda ýatyş telpegin,
ýa-da ýaşaýanam barmyka munda
biti bolman birleriniň
ýa-da öz-özün iýmän?

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024