Surat

Kim asy?

Kanun diýip bir närsäni
kabul etse mähelle,
ýa mähelläň saýlanlary,
saýlan bolanlary bolman,
eger kanun işlemese,
ýa-da deň bolmasa hemmä,
pully, pulsuz, wezipeli,
ýa wezipe ýetmedige,
ýetmejege hiç haçan,
dogrusyny aýdansoň,
belki, bolmany gowy,
sebäp beýle kanunyň
bir köpük bor bahasy,
bil baglasaň oňa bilmän,
kanun däl-de, özüň asy.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2019