Surat

Ömür howpy

O biriniň han bolany owarram,
şa bolany owarram,
azany owarram hemem
agyrdany ejiz ili,
islän donun geýdirip,
bagyrdany güýç ýetenin,
’ömürlikdir’ diýdirip,
a soň öz başyna ýeteni bir gün,
owarram, sebäbi başyň gutaryp,
çagalaryň alyp, gaçýarsyň daşa,
yzyňda galana, ýakyna, ýada
çydasaň, jan dogan, diýip müň ýaşa.

Oň yzyndan geleniň
beter bolany owarram,
hatar bolany owarram
yza bakmak, dönmegiň,
owarram il çydasa,
emmaki ýat ilde, özüň ýalaky,
zalymdan ýa pälinden
gaçyp çykan mysapyr,
belki, garny doýan iki gün ozal,
ýa ýyrtygyn çalşyrmaga ýetişen,
üstüňe han boljak bolsa,
boljak bolsa şahy-jahan,
ýa ýaňsylan bolup sözüň,
has aňyrdan gören bolsa,
öz öýünde diňlenmedik
akylyny beren bolsa,
hem islese depder alyp,
aýdanlaryn bellemegiň,
ýa-da başga birleriniň
gepin diňläp, getirmegiň,
bu owarram ýa-da hiç däl,
dişiň gyssaň, belki ömrüň
galanynam ýitirmegiň.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024