Surat

Agaç we adam

Lukmanlar diýýärler tokaýa baryp,
agaçlary gujakla,
eneň ýaly, ataň ýaly,
alar olar derdiňi,
ýerine berer gujur,
gaýratyňy ýitiren,
özüňi özüňe berer gaýtaryp.

Diýýärler bu tapylan däl düýn, şu gün,
gelýärmişin aňyrdan,
agaç ekip işigiňde,
ertir-agşam agaç bilen gözleşseň,
a käte golaýna baryp,
içgin-içgin sözleşseň,
dursaň ýaplanyp ýanynda,
ýa otursaň arka berip,
kän gowumyş ýakynsyrap,
ýüregiňe tüýkürýänden,
ýa-da garaşýandan amatly güne,
sebäp agaç ösýär diňe,
hiç düşmeýär palta alyp,
başga birniň söbügne.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2019