Goňşy pişik
Goňşy pişik, dynç günleri,
ýa işden soň salama
gelýär hökman her hepde,
emmaki hödür-keremden
ýüz öwürýär edepli,
ýöne öýe aýlanýar,
goýan zady bar ýaly,
a soň mellek tarapyň
gapysyny açdyrýar,
görýär baryp gülleri,
ysgap çykýar ýeke-ýeke,
soň birsellem gapdalyňda oturýar,
soraýan deý hal-ahwalyň,
ýüzüňe bakyp siňňin,
a soň gapa baryp, garaşýar sessiz,
gitjek diýýän ýaly indi.