Surat

Ynsan tebigaty

Robot boldum birsellem,
hyýalymda, pikirde.
Iberdiler minalanan meýdana,
gitdim göwnüm bir ýaly,
her hili sapalak atjak,
gaçjak bolman, takyrdap.

Kellämde tapmak minany
bukup ýatan ýerinden,
a soň çaga, naçara,
ýa ýer sürjek daýhana
salmaz ýaly etmek pajy,
zyýan etdirmän özüme,
eger bolsa alajy.

Bir minany tapdym, aldym,
soň ikinji, üçünji,
ýagy boldum mina gelen,
yzdan gygyrdylar "Gowy, ajaýyp!"
Hoş boldum özümden birinji gezek,
ýürekde, kalbymda galmady elem.

Emmaki bir mina, iň soňky, belki,
ýa-da meniň üçin soňky,
hemem birinji jellat,
ýalňyşdyrdy, sebäbi,
pikir etdim at, şöhrat,
baýlyk hakda bir pursat,
yza dönsem gelmeli,
soňuna çen bolmalydym robot,
emma adam bolup, boldum ölmeli...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024