Surat

57-däki içgepletme

Hemme erkek beýik bolup bilmeýär,
islese-de içinden.
Hemme erkek general,
ýa serkerde bolmaýar,
gyrýan beýleki tarapdan
ýüz ýigidi bolmanda,
ýüz naçary dul goýup,
ýüz enäni agladyp,
ýetim goýup çagalary, gör, näçe,
hemme erkek bolup bilmeýär batyr,
hakyň, hakykatyň ýoluna çykyp,
çünki hakykaty türmä gapgaryp,
gara suwa zar edýärler pulmesi,
pul eýesi bolan begler ap-aňsat,
netijede men-men diýen goçaklar
görülmeýär serçeçe.

Hemme erkek beýik bolup bilmeýär,
boýy ýetip pul ýasalýan ýerlere,
ýa aýak astynda ullakan sandyk,
sadalyk däl, hile bilen al goýup,
derledip bilmeýär ýüzläp ejizi,
ýa müňläp naçary ezip,
çagalaryň hakyn iýip,
döwlet äri bolan bolup,
hemme erkek, walla, köçede, ýolda,
hiç müýnüni bilmän bilmeýär gezip...

Hemme erkek beýik bolup bilmeýär,
emma hemme erkek aýalyna är,
çagasyna ata bolmak isleýär,
ýok, ýük bolmak islemeýär,
enesini aglatjak däl başarsa,
atasyny depdirjek däl KGB-ä,
bolmanda jaýlajak ölse ses edip,
obasynyň toý-ýasyna ýarajak,
ýa bolman ýurdundan bezjek däl gidip,
emma hemme erkek muny
edip bilmeýär ýa-da
etdirmeýärler oňa,
hemme erkek beýik bolup bilmeýär,
emma bolup bilýär adam,
eger synansa çyndan,
bolman golaýlaýar adama örän,
56 ýyl ýaşap, geldim men şuňa!

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024