Surat

Beýik we pes

Özüňden beýigi biraz
görmek hem saýgarmak üçin
biraz boýun süýndürmeli,
ýa bir kerpiç-beýleki
atmaly aýak astyna,
ýa çykmaly basgançaga,
ýa-da birniň üstüne,
ýa-da aklyň bolmaly,
dogabitdi, aňyrdan,
ýa-da mertlik gerek biraz,
özüňden beýigi basyp,
gykylyk, galmagal bilen,
ýa-da töhmet atyp ejiz,
naçary hakyna tutup,
beýik bolup bolmaýanyn bilmeli,
men diýsemem diýýän muny,
emmaki beýikler beýik,
pes pesligne ölmeli.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024