Ol sadady
Ol sadady, sypaýyrak aýdaňda,
kanun hakda gür beýärdi ynanyp,
täze kanun, düzedilen, hamala,
şeýle bolsa işlejek deý birkemsiz,
a men ondan iki esse sadadym,
diňleýärdim gürrüňini, sebäbi
ynanasym gelýärdi,
göresim gelýärdi kanunly ýurdy,
kanunsyz däl öňki ýaly,
ýa öňki deý türme däl,
islämokdym suwy sorap içmegi,
soň aýakýoluna gitmegi sorap,
uzak gije diläp hudaýdan sabyr,
ol sadady, sypaýyrak aýdaňda,
ýa-da meniň üçin gazýardy gabyr.