Portrete ştrihler

O pahyryň gözi, garny doýmady,
ýogsa ozal kommunistdi,
kommunizm gurupdy,
baýlaryň malyny garyba berip,
ýerin alyp ýerliniň,
bag-bakjasyn gurudypdy,
ýykypdy jaýyn jaýlynyň,
adalatyň adyndan,
kim Sibirden çykdy,
kim başga ýerden,
halkyň huşy kelte bormuş,
hem ýagşyny, hem ýamany
çykararmyş ýadyndan,
indi iliň sylaýan
aksakaly, hormatly ol,
telpegi baş başynda,
hem metjide gatnaýar,
hem çärede birinji,
emmaki her nahardan soň sadaka,
artýar içde öz-özüne ýigrenji.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2019