Söz ölende aýdylman
Söz ölende aýdylman,
bilmedim, ýa göwnümemi,
adam ölýän ýaly käte,
ýa-da ölüm ýodasyna
sowulýar ol assa ädip...
Sebäbi söz bilen hakykat ölýär,
adamy ýaşadýan ýa-da
ýaş edýän biraz,
boýuny ösdürýän, belki,
gök diredýän depesini,
adam hakyň nury haky sözlände,
çünki haky dowam edýär,
dowam edýär özüni,
gözi ýanýar haky baryň içinde,
emma adam ýaprak ýaly süllerýär,
ýa özi, ýa başga kesse sesini,
ýalňyşýan bolsadym käşgä,
söz ölende aýdylman,
adam sözi bilen özün öldürýär,
sebäp ony terk eýleýär
içindäki hüýri-gulman.