Adam we umyt
Adam umyt eder: zalymy biri
ýa-da hudaý urar, ýykar, ýok eder,
soň ýaşarys adam ýaly, belki-de,
emma biri gitse sütem edýäniň
ikinjisi geler, on esse doýmaz,
dolmaz gözli, kalby aç,
hemem sütem eder öňküden beter,
sebäp biler adamlar
umyt eder hemem garaşar ýene
zalymy başga biriniň
ýa taňrynyň urarna.