Durmuş
Sen-ä aldan bolýaň, bizem ynanan,
Sen-ä aglan bolýaň, bizem gynanan,
Ýurt çapylýar, dogry, alajymyz ýok,
Il soýulýar, ogry -- pirmi-hajy-hak,
Sellelimi, sellesizmi, penjekli,
Bir aýally, iki aýally, parhy nä,
Gidip otyr, saklaýan ýok dur diýip,
Ien iýip gidýär, sümüren sümüp...
Sen-ä aldan bolýaň, bizem ynanan,
Onsoň ikimizem bolýas guwanan,
Bir-birege söz saýlaýas ýüreksiz,
(Ýüreksiz ýaşaýan galmaz böreksiz),
Kiçi dilden bärde ýylgyrýas uly,
Nätjek, adam ogly garnynyň guly,
Çörek hem aýmança, aýlanarsyň sen,
Tans edersiň, bökjeklärsiň, oýnarsyň,
Belki, kä gullardan saýlanarsyň sen,
Belki, biraz öz göwnüňi aldarsyň...
Sen-ä aldan bolýaň, bizem aldanan,
Iller goldan bolýar, senem goldanan,
Dilegçi, tamakin, soranjaň gözler,
Ýyryş-ýyryş, ýöne tuwaksyz ýüzler,
Inkubator jüýjesi deý köpelýär,
Çynyn diýjekleriň agzy dykylýar,
Bu öňden, gadymdan ýörelge, adat,
Çynçyly gamçyla, gandalla, ýadat,
Ýalança altyn dök göz edip ile,
Goý, hemme düşünsin, nämede hile!
Sen-ä iýen bolýaň, bizem iýilen,
Belki, şunuň özi durmuş diýilen?..
Aşgabat, 1995.