Ýaraly adam
"A book must be the axe for the frozen sea within us." Franz Kafka
Kitaplary,
çapýan buzy ýürekde,
beýni doňaklygyn çözýän,
gadagan etdiler üýşüp,
telpek geýip başlaryna,
namys-arly ärler ýaly,
çykmaz ýaly bu golaýda,
hem olary ýazmaz ýaly,
ýazjaklaryň golun, ýolun
ýapar ýaly ýol gurdular,
alty hatar her ýana,
gyralary çyraly,
uruşsyz, gowgasyz ýeňildi adam,
ýok, ölmedi, ýaşaýar,
emma agyr ýaraly.