Surat

Taňry we sen

Taňry seniň bilen karam oýnanda,
garşyňda şeýle bir nadany goýýar,
deňine hiç haçan düşüp bolmajak,
hemem ony goldaýany bir süri,
zynjyryna bezeg diýýän hakyky,
emma sen taňrynyň ýüzüne gelip,
jyzma diýip bileňok,
gorkýarsyň çünki,
başlyk däl ol işden kowýan,
kgb däl türmä basýan,
ýa ýurduňdan gaçyrýan
başbakan däl dälirän;
taňry seniň bilen karam oýnanda,
garşyňda şeýle bir diwary goýýar,
pessejik, bökmäge utanar ýaly,
yrgaja, ýykmaga çekiner ýaly,
emma sen taňrynyň ýüzüne gelip,
edýäniň nä diýip bileňok asla,
sebäbi ol başbakan däl, gyzdyrsaň,
her gün ýagyş ýagýan ýurda gaçyrýan,
hudaý hudaý bolýar, bir gün agladyp,
yzyňda eneňi alýar eliňden,
soň ataňy alýar, çünki kişiniň
edeni öňünden gidýär,
ýa indiki saýlawda
aýrylaryn gaýgysy ýok,
ogurlanyn aýdyp ýekeme-ýekän,
paş etjek ýok ony halkyň öňünde,
iň batyr žurnalist bolup,
taňry seniň bilen karam oýnanda,
daňylgy bolýar goluň.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024