Surat

Ozal we indi

"Could anything be more stupid than to praise a person for something that is not his? Or more crazy than admiring things which in a single moment can be transferred to another?" Seneca, Letter XLI

Ozal bir betbagty, ene-atasyz,
ýetim ösen, agyz bolup durşuna,
eli ýetse aty däl,
üstüne müneni, obasy bilen,
iýjek hemem doýmajak,
depämize çykardyk,
düşürmedik ölýänçä,
gowy gören ýerinden,
a indi basylýas yzyndan gelen
bedibagtyň şerinden...

Bilýän, her kim akmak bolmaly biraz,
bilýän, her kim dälireýär özüçe,
emma, heý, beýle-de akmaklyk bormy,
däliremek bormy beýle manysyz,
biz ozallar ata çykyp gorapdyk,
indi atly ýere sokýas namysy.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2019