Surat

Iň hatarly iş

Ynanýardym ösüşe,
baýajagna ilimiň,
gündiz eliň çyraly
tapyp bolmaz garyby,
diýip göwün ýüwürderdim,
emma beýle bolar diýmändim asla,
aşa baý bolmagam gowy däl eken,
goýnun gyrkyp, asyrlardan aşyran,
düşek bolan, eşik bolan ýüňüni,
öý bolan ýüňüni göçüp-gonýarka,
sowukdan, yssydan goran,
ýere gömýän ýa-da zyňýan milletiň,
aklyň bolsa, aň atyna atlanyp,
hatar, belki, çekjek bolmak öňüni...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024