Tokaý kanuny
Göz öňüne getir belent daragty,
ösýän wagty ýeller bilen ýaryşyp,
ýene össem garyş-sere,
deger başym göge diýip,
köküni çuň urman ýere...
Ösmek hem ulalmak gowy,
haýal etmän, ýitirmän wagt,
gözi gider göýdükleriň,
daş görnüşi saýan bagt.
Emma ýeller oýun etmez,
sypasa-da başyň, buduň.
Salgyma çapan çapylar,
başlygy bolsa-da suduň.