Kim bolsaň-da
Kim bol ýa-da näme bolsun eliňde,
duşman diňe saňa däl,
arkaňdaky arkaňa,
goldawyňa sereder,
duran barmy yzyňda,
ýa ýykylsaň galdyrjak,
syljak ýüzüň ganyny,
agzyňa suw damdyrjak,
a ölseň tutjak ornuň,
ýa-da diňe özüňmi,
yzlar tohum-tijiňi,
kimi nämä alyp boljak,
ýa-da salyp boljak nämä,
öwrener gep-gürrüňleri,
ilik-düwme bilmek üçin
kim bilen iş salyşýanyn,
a soň göçer soňky göçün;
arkaňda arkaň bolmasa,
ýa diýmeseň ýykylýançam duraryn,
pikir etme gaçyraryn ýagyny,
hem ynanma her urany uraryn.