Seçgi
Hudaý saňa sagat syna,
akyl hem huş berenden soň,
diýenden soň ýaşa erkin,
gulçulygy saýlap alsaň,
ezijiniň bermän merkin,
hem garaşsaň başga birniň
gelip gyrarna zynjyryň,
monjuk edinen boýnuňa,
geň görme kimse gelmese,
girmese karam oýnuňa,
çünki adam kaýyl bolsa,
boýun alsa saýyllygy,
kime gerek ölse, galsa?..