Surat

Aýdylmadyk söz

Ezize

Azmy meniň ýananlarym,
sen nämä ýanýarsyň, oglum?
Öý işini etmedige
peýdasy ýok seniň dowluň...

Dogry, iň ýokary baha
alyp bolar tanyş bilen,
ýa-da berim, peşgeş berip,
ýöne siňe baksak bile,
şundan gaýdýar gaýgy-elem,
derdi ulus iliň, meger,
sebäp durmuş depderçäňe
ikilik goýmaz-da, kütek
daş bolup maňlaýňa deger.

O daşy bilmedik bolup,
ýa sylmadyk bolup ganyň,
aýdym aýdyp bagt hakda,
halas edip bolmaz janyň.

Öý işini etmedige,
düşünmek kyn muňa, meger;
özüni aldanyň daşy
bizden soň özüne deger.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024