Oýun

Bu hamala oýun ýaly,
tomaşa ýaly gülmeli.
Oturmaly köplük bakyp,
a orta çykan ölmeli.

Soň adat, ölen bendäni
tabşyrmaly ene ýere.
Soňra sessiz gygyrmaly:
- Kim çykjak ýene seňňere?

A köplük dymmaly agyr,
garaşamaly, geler biri.
Bu hamala oýun ýaly,
ýaşan bolup, ölmek diri.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024