Çukurdaky aň

"Kişini kemsiden özi näkesdir." Magtymguly

Seni diri günüň kemsitjek bolan,
basalajak bolan ýa itjek bolan,
çykarmaga çalşan oýundan gyra,
ýa üstüňden basyp, galmakçy bolan,
ýa-da dar galyba salmakçy bolan,
öleňde-de goýbermez seň ýakaňy,
çünki beýik-pesi saýgarmaz asla,
öz çukurna gaçsa adamyň aňy.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2019