Surat

Geçilmejek diwar

Adam ýylmalmadyk çyny,
hakykaty gowy görmez,
iň bolmanda ýaýdanar,
çekiner ondan bialaç,
özi-de düşünmän, belki,
emma çyna garanda-da gelşiksiz,
ýüzügara ýalany,
owadan kagyza dolap,
ýa-da salyp gowja guta,
hemem dakyp oňatja at,
näçe gymmat satsalar-da puluny,
malyny gysganman alar,
hoşwagt bolar söwdasyna;
megerem çyndan, ýalandan
gorkmak beýle möhüm däl,
emma adamdan gorkmaly,
toýdur öýdende ýasyna...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2019