Surat

Seçgi

Sen owalda milletiňi, ýurduňy,
ýa ömürne ömür goşjak iliňi
saýlap almaýarsyň ýa-da
bilet alyp gelmeýärsiň,
otla ýa-da uçara,
eliňe ýazylgy adres alyp;
sen eneň-ataňy ýa-da diliňi
eje diýip, kaka diýip dil ajçak
saýlap almaýarsyň asla,
bilmeýärsiň owal-başdan,
hiç habarsyz, hiç maglumat bermezden,
ýaradan ýa taňry diýlen
emaý bilen zyňýar seni
näbelli bir oba, öýe,
çyrlap inýäň dünýä, göýä ýüregiň
ýaryljak ýaly ýat ýerde,
soň diýýärler saýlaýarsyň ýoluňy,
rahat tapýarsyň haýyr ýa şerde.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024