Surat

Ham adam

Adam öz aýbyny açmak islese,
aýdaly, açlygyn ýalan şöhrata,
esasy ýok, binýady ýok, soňy ýok,
hemem hiç ýadamasa,
ýorulmasa, doýmasa,
lezzet alsa gözi gülli ýalandan,
açylsa ýaz bolup elin çarpana,
ynanasy gelýän boşlugna hemem
hakykaty unutmaga,
zäher ýaly ajy käte,
bar güýjüni goýsa, çünki,
nämemişin, çig süýt emen...

Adam öz derdine derman gözlemän,
diňe agyryny ýatyrjak bolsa,
aldajak bolsa özüni,
hem ynansa öz doguran ýalanna,
pesligini beýiklik deý güjeňläp,
ýalňyş duşman bilen dikleşse diňe,
hem ýykylyp soňsuz, uzak,
hakyky ýüzüni görkezse ile,
sebäp däl-de netije bu,
tersine işleýär hile.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024