Arap nakyly
Eger adam zat bilmese,
hem bilmese bilmeýänin,
akmakdyr ol, bilmän geçer
ýagtyň nireden gelýänin.
Eger bilse bilmeýänin,
öwrenjek bor sada adam,
öwret oňa bileniňi,
çekilme-de aryp, ýadap.
Emma bilýän bolsa adam,
hem bilmese bilýänini,
ukudadyr, oýar bar-da,
gapyllykda goýman ony.
Hakyky danadyr bilýän,
hemem bilýän bilýänini;
sen ony tut iki elde,
hem hiç goýberme synyny.